Arkadag we Änew şäherlerindäki gurluşyklarda zähmet çekýän içerki migrantlaryň ençemesi iş we ýaşaýyş ýerlerinde özlerine garşy gönükdirilýän tireparaz we ýerlçil çemeleşmelerden şikaýat edýärler. Ýerli synçylar “soňky ýyllarda türkmen jemgyýetinde barha alaw alýan tireparazlyk meýilleriniň abandyrýan wehimlerine” garşy duýduryş berýärler.
“Biziň ählimiziň türkmenistanly türkmenler bolandygymyza garamazdan, aşgabatly we ahally ýaşaýjylaryň ençemesi, şol sanda häkimiýet we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri welaýatlardan gelen işçilere paýyş sözleri aýdyp, olary tireparaz äheňli kemsitmelere sezewar edýärler” diýip, Mary welaýatyndan bolan bir gurluşykçy Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen anonim söhbetdeşlikde aýtdy.
“Merkez sebitlerde bolýan ähli belalar – jenaýatçylyk hadysalary, neşekeşlik, ahlak bozulmalary – maryly, lebaply hem-de daşoguzly ýaşaýjylardan görülýär” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.
Aşgabat şäherinde we Ahal welaýatynyň çäginde zähmet çekýän başga-da birnäçe işçi şeýle meýilleri tassyklap, birmeňzeş meselelerden şikaýat etdiler.
Degişli maglumat Sosial ulgam tire-taýpa bölýärAzatlyk Radiosynyň habarçysy bilen anonim şertlerde gürrüňdeş bolan içerki migrantlaryň biri ilat arasynda has-da meçew alyp barýan tireparaz hem-de ýerliçil meýilleriň soňky wagtlarda “görlüp-eşidilmedik derejelere” baryp ýetendigini aýtdy.
Olar günorta sebitlerde ýerleşýän häkimiýet edaralarynyň işgärleriniň hem köp halatda tireparaz meýilleriň adatylaşdyrylmagyna öz goşantlaryny goşýandygyny aýdýarlar.
Ýöne şeýle çemeleşmelere diňe bir içerki migrasiýa bilen bagly däl, eýsem, ýurduň orta mekdeplerinde, ýokary okuw jaýlarynda, harby gullukda hem duş gelinýändigine üns çekilýär. Bu sanawa soňky wagtlarda sosial media hem goşuldy, synçylar sosial ulgamlardaky tireparaz çykyşlaryň meçew beriji häsiýetine barmak çommaldýarlar.
Olar soňky ýyllarda türkmen jemgyýetinde tireparazlygyň hem-de ýerliçilligiň has-da güýçlenýändigine ünsi çekip, bular babatynda döwlet häkimiýetiniň hereketsiz galýandygyny, munuň bolsa, tutuş halkyň millet hökmünde kämilleşmek prosesine päsgel berýändigini aýdýarlar.
'Sosial ulgamlardaky tireparazlyk'
Synçylar, hususan-da, sosial ulgamlarda has-da tutaşyp barýan çydamsyzlygyň mümkin bolan sebäplerini seljerip, jemgyýetiň dürli gatlaklarynyň wekillerini hem-de häkimiýetleri şeýle meselelere çözgüt tapmaga çagyrýarlar.
Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan sowatly adamlar tireparazlyk we ýerliçillik ýaly häsiýetleriň, kähalatlarda, türkmen halkyny emele getirýän tire-taýpalaryň öz aralaryndaky dil-şiwe, etniki gelip çykyş ýaly ara tapawutlardan gözbaş alýan stereotiplere esaslanýandygyny aýdýarlar.
TikTok we Instagram ýaly sosial torlarda soňky wagtlarda bu tema boýunça ýygy-ýygydan paýlaşylyp başlananan wideo çykyşlar mazmun taýdan garyşyk bolup, käbir ulanyjylar şeýle meýillere garşy duýduryş berýär, agzybirlige çagyrýar. Beýlekiler bolsa, bir welaýatyň ýaşaýjylaryny öňe çykaryp, beýleki welaýatlaryň ýaşaýjylaryny ikinji plana iterýän wideo çykyşlary sosial ulgamlarda paýlaşýarlar.
Degişli maglumat Arkadag şäherinden öý satyn alýan raýatlaryň türkmen bolmagy tabşyryldy - çeşme'Jebislige wehim salýar'
Tireparazlyga we ýerliçillige meçew berýän çykyşlar intelligensiýa wekilleriniň arasynda howsala döredýär. Olar şeýle çydamsyzlygyň jemgyýetde agzalalyga sebäp bolýandygyny, bitewilige we jebislige zyýan ýetirýändigini aýdýarlar.
Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen anonim şertlerde gürrüňdeş bolan bir taryhçy türkmenleriň arasynda irki döwürlerden bäri tireparazlygyň bolandygyny ýöne ne rus imperiýasynyň, ne sowet häkimiýetiniň, ne-de garaşsyzlyk döwrüniň “agyr derde derman hödürläp bilmändigini” aýdýar.
"Türkmen halkynyň millet hökmünde kemala geliş prosesi mongol basybalyjylarynyň hüjüminden soň haýallady, ençeme asyrlap döwletsizlikde ýaşan tire-taýpalar ençeme taryhy, syýasy we ykdysady sebäplere görä bitewi bir döwlete birleşip bilmediler, netijede, özara düşünişmezlik, tireparazlyk, dawa-jenjeller gaýta-gaýta duş gelip duran "meselä" öwrüldi” diýip, taryhçy aýdýar.
Ol türkmen çäginde höküm ýöreden Rus imperiýasynyň türkmenleriň arasyndaky tire-taýpa dawalaryny gaýtam dartgynlaşdyrandygyny, türkmen halky Oktýabr öwrülişiginden soňra, 1924-nji ýylda bir bitewi türkmen respublikasyna eýe bolan-da bolsa, tireparazlygyň hem-de ýerliçilligiň hötdesinden gelip bilmändigini aýdýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.