Wezipeli erkekleriň aýallaryň ýagdaýyndan 'peýdalanjak bolmagy' köpelýär - Çeşmeler

Bezeg suraty

Güýç edaralarynyň işgärleriniň, jogapkär wezipelerde işleýän resmileriň arasynda, kyn şertlerde ýaşaýan we daşyndan goragsyz görünýän aýal-gyzlara lak atýan, olaryň kyn ýagdaýyndan peýdalanmaga çalyşýan erkekler köpelýär diýip, Azatlygyň habarçysy we çeşmeler habar berýär.

Jemgyýetdäki utanç, haýa, il agzyna düşmezlik düşünjeleri, galyberse, kanun goraýjylara ýüz tutup, adalatlylygy gazanmak mümkinçilikleriniň az bolmagy pidalaryň garşysyna, wezipesinden ýa iş ornundan hyýanatçylykly peýdalanýan adamlaryň bolsa peýdasyna işleýär diýip, Azatlygyň çeşmesi aýtdy.

Bu meseläni öwrenen habarçymyzyň ýazmagyna görä, IIM-niň, MHM-niň, prokuratura, kazyýet, ýangyn söndüriji, polisiýa bölümleriniň dürli derejeli işgärleri ýaş, göwnüne ýaran gelinleri ‘nyşana alyp’, işleýän bolsalar, iş ýerlerine baryp, sorag edip, bir bahana bilen gorkuzmaga çalyşýarlar.

Ýapyk jemgyýetde 'açylan ýol'

“Häzir olaryň ýörän ýoly açyk” diýip, habarçy aýry-aýrylykda gürleşen zenan maşgalalaryna salgylanyp, güýç edaralarynyň işgärleriniň iň bolmanda ‘internetde bir wideony görüpsiň, laýk, ýürejik basypsyň’ diýip, ýa-da, ‘ýurdumyza garşy gelýän, ýüzüni ýere salýan wideo paýlaşypsyň’ diýip, soraga çekilen aýallary “jynsy gatnaşyga iterýändiklerini” aýtdy.

Degişli maglumat Ulugyzlar ýigit ýetmezçiligini, aýallar aýralygy 'alada edýär'


Temmäki, nas önümlerini satýan adamlaryň öýleri dökülip, köp mukdarda temmäki, nas tapylsa, olaryň hojalygyna göz gyzdyrýarlar; eklenip bilmeýän hojalyklara pul hödürläp, jynsy gatnaşykda bolmak teklip edilýär diýip, Azatlygyň çeşmeleri aýdýar.

Aýry-aýrylykda gürleşilen zenanlaryň sözlerine görä, dükançy gelinlere, salonçy, makiýazhçy gelinlere hem gadagançylyk, çäklendirme girizip, ‘ýoluňy açaýyn, adam gapyňdan gelmez, biri gelse, meniň adymy ber, elime jaň et, seni özüm gorap gezerin’ diýip, jynsy gatnaşykda bolmak teklip edilýär.

Habarçymyz bilen gürleşen bir aýalyň tassyklamagyna görä, ýanýoldaşlary türme tussaglygyna höküm edilen aýallara köplenç amnistiýa kömegini wada berip, jynsy gatnaşykda bolmak teklip edilýär. Bu hili ýagdaý barada öň ýanýoldaşy türmede oturan aýallaryň biri sosial mediada hem gürrüň edipdi.

Başlyklaryň 'ýatmak ýaryşy"

“Türme başlyklary, ýaş gelniň tussagyň yzyndan gelenini görseler, ‘bärde özüm serederin’ diýip, jynsy gatnaşyk saklamagy teklip edýärler. Häzir içeri işler ministrligiň ýokary wezipeli adamlarynyň arasynda özara bäsleşmek düşünjesi hem bar, ‘men ol gelin bilen boldum’, ‘men bu gelin bilen boldum’ diýip, ýaryş gurýanlar hem bar” diýip, Azatlygyň söhbetdeşi aýtdy.

Azatlyk bu hili habarlary mundan öňem birnäçe gezek alypdy. Golaýda Ahaldaky habarçymyz Kaka etrabynda polisiýa tarapyndan saklanan dört sany ýetginjek barada habar berip, olaryň biriniň ejesiniň polisiýa işgärleriniň ‘seniňem ýagdaýyň kyndyr’ diýip, adamsy daşary ýurtlarda işleýän aýallara, çala ýylgyrsa, lak atýandygyny gürrüň beripdi.

Ýurt ýapyklygy, galyberse, wezipeli erkekleriň aldawyna düşen aýallaryň il içinde agza düşmejek bolup, utanyp dymmagy ‘azgyn erkekleriň peýdasyna bolýar’ diýip, ýerli synçylar aýdýar.

Degişli maglumat Maral: Bu işe başlanymda utanjymdan ýaňa ýer ýarylmady, men girmedim


Hukuk goraýjy Annadurdy Hajyýew aýallar problemasynyň sowet ýyllaryndan uç alýandygyny, TKP MK-niň ideologiýa meseleleri boýunça sekretarynyň aýallara negatiw täsir edýän ýagdaýlaryň üstüni basyrandygyny, Saparmyrat Nyýazow döwründe bu ýagdaýyň hasa ýaramazlaşyp, örän ýokary derejeli ýolbaşçylaryň ikinji, üçünji aýal alyp başlandygyny belledi.

Ýatlatsak, ozalky baş prokuror Gurbanbibi Atajanowa wezipesinden aýrylmazyndan öň öňki resmileriň ençeme aýalynyň ýa nikasyz ýaşaýan maşgalasynyň bardygyny aýdýardy.

"Hökümetiň abraýyny gaçyrýan mesele"

“Häzirki ýagdaý barada aýdylanda, men bu faktlary ne tassyklap, ne-de inkär edip bilýärin. Sebäbi açyk-aýdyň hukuk seljermeleriniň ýok ýurdunda, metbugat azatlygynyň bolmadyk ýerinde dürli zatlar aýdylyp-da, diýlip-de bilner, dürli mysallar getiriler, faktlar öňe sürler, ýöne hiç kim olary tassyklap ýa inkär edip bilmez” diýip, Hajyýew Bolgariýadan telefon arkaly beren düşündirişinde aýtdy.

Ýöne, hukuk goraýjynyň ynanjyna görä, ýurt ýapyklygy zerarly ýerinde barlap bolmaýan hem bolsa, bu aýdylýanlar türkmen režiminiň at-abraýy üçin gowy zat däl.

Hormatly diňleýiler, Azatlyk Türkmenistanda aýal-gyzlaryň hukuklary bilen bagly meseleleri aýratyn göz öňünde saklaýar we eger özüňize mälim faktlary habar berseňiz, sizden minnetdar bolarys.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.