Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Awaza daşary ýurtly myhmanlar gelip başlady, ýerli ilat üçin gatnaw çäklendirildi


Awazadaky baýramçylyk çäresi
Awazadaky baýramçylyk çäresi

Awaza syýahat zolagynda geçirilýän halkara forumynyň myhmanlary çäreden bir gün öň baryp başladylar. Bu ýagdaý Türkmenbaşy şäheriniň ençeme köçesiniň ýapylmagyna we ilatly ýerlere barýan ýollaryň beklenmegine, şeýle-de ýerli ilatyň dürli durmuş zerurlyklarynyň çäklendirilmegine sebäp boldy.

Birleşen Milletler Guramasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahaty Awazada 4 – 8-nji awgusty aralygynda geçirilýär.

Türkmenbaşynyň ýaşaýjylary çäre golaýdaky milli syýahat zolagynda geçirilýän hem bolsa, onuň tutuş şäherdäki we onuň töweregindäki durmuşy üýtgedendigini gürrüň berdiler.

"Myhmanlar ýekşenbe güni gelip başlady. Tas tutuş günüň dowamynda howa menzili bilen Türkmenbaşynyň arasynda hereket togtady. Adamlar Akdaş we aeroport ýaşaýyş toplumlaryna geçip bilmediler. Hatda tiz kömek ulaglaryna-da ýoldan geçmäge rugsat berilmedi" diýip, diýip türkmenbaşyly çeşme gürrüň berdi.

Çeşmeleriň ýene biri "Türkmenbaşyda durmuş togtady" diýip, ýagdaýy häsiýetlendirdi we agşam sagat 21:00-dan soň raýatlara köçä çykmagyň gadagan edilendigini belledi.

Myhmana-emeli bolçulyk, ilata-gadaganlyk

Türkmenbaşynyň häkimiýetleri Awazadaky foruma gören taýýarlyklarynyň çäginde myhmanlara ýerli ilatyň bol-elin ýaşaýandygyny görkezmek üçin "kiçi detallary hem ünsden düşürmezlik" üçin dürli işleri geçiripdir, şol sanda ýaşaýjylaryň we aýyň başynda ujypsyz pensiýasyny almakda kynçylyk çekýän ýaşulylaryň köçede görünmezliginiň aladalasyny edipdir.

"Döwlet edara-kärhanalarynda 4-nji we 9-njy awgust aralygynda Türkmenbaşynyň etrap ilaty üçin iş günleri däl diýip, yglan edildi. hatda pensionerleriň pensiýalaryny 10-njy awgustda geçirmek ýokardan tabşyryldy. Sebäp, hökümet köne eşikde garrylar pully bankomat gözläp ýurdy myhmanlaryň ýanynda masgara eder diýip, hasaplaýar" diýip, häkimlige ýakyn çeşme aýtdy.

Türkmenbaşy etrabynyň ähli toýhanalary ýapylypdyr we nika toýlaryny 11-nji awgusta çenli geçirmek gadagan edilipdir.

Şeýle-de, Türkmenbaşynyň bazarlarynda emeli bolçulyk döredildi, ýöne şäher ilatyna bazara girmek gadagan edildi.

"Raýat eşikli polisiýa we MHM işgärleri derwezeden adam salmaýarlar. Şeýle-de, bazarlarda gyzyl kitaba girizlen balyklaryň söwdasyna gadaganlyk girizdi" diýip, ýene bir çeşme aýtdy.

Türkmenistanyň ýolbaşçylary bu çärä uly ähmiýet berýärler.

'Möhüm çäre'

Döwlet mediasynda çap bolan maglumatda bu halkara forumynyň "möhümdigi" nygtaldy we ol "Türkmenistanyň tutuş adamzat ähmiýetli öňe sürýän başlangyçlarynyň Milletler Bileleşigi tarapyndan ykrar edilýändiginiň nobatdaky beýanydyr" diýlip häsiýetlendirildi.

Resmi maglumatda Awazadaky çärä, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň barandygy habar berilýär. Azatlygyň çeşmeleri Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we hökümet agzalarynyň Awazada diýip habar berdiler.

"Bu günler Awazada diňe ýörite awtobuslar gatnadylýar. Myhmanlara hyzmat etjek işgärleriň, nahar bişirjek aşpezleriň ählisi saglyk barlagyndan geçirildi, SPID we gepatit wiruslaryna analiz tabşyrdylar. Otellerde ýekeje ýönekeý raýat galmady, çykardylar. Ol ýerdäki adamlaryň ählisi MHM we polisiýa howpsuzlygyna jogapkär ofiserler" diýip, ýagdaýdan habarly çeşme anonimlik şertinde gürrüň berdi.

Resmi maglumata görä, prezident Serdar Berdimuhamedow bu duşuşygy ýokary derejede guramaçylykly geçirmegi maý aýynda talap edipdi.

25-nji iýulda döwlet mediasy Gurbanguly Berdimuhamedowyň deňizdäki howpsuzlyga baha bermek üçin gämide syýahat edendigini, şeýle-de Türkmenbaşynyň howa menzilinden ýokary tizlikde awtoulag sürüp geçendigini görkezdi. Resmi habarda ol "howa menziliniň tekizligini barlady" diýlip habar berildi.

Türkmenbaşy şäherinde we Awaza syýahat zolagynda uly taýýarlyklar birnäçe hepde öňünden başlanypdy.

Iýulyň ortalarynda köçelerde dilegçi çagalar we zibil dörýän raýatlar saklandy, köne awtoulaglaryň hereket etmegine wagtlaýyn gadagançylyk girizildi, narkologiýa hasabynda duranlar wagtlaýyn tussag edilýär. Şeýle-de, ýerli häkimiýetler forumyň geçýän wagtynda köçelerde hereket etmek üçin ýurduň başga ýerlerinden täze awtoulaglary getirdi. Türkmenbaşyna nobatçylyk etmek üçin welaýatyň ähli ýerlerinden kanun goraýjylar getirildi. Gije sagat 22-den soň polisiýa Türkmenbaşyda köçä çykýan adamlary saklady.

Awazanyň myhmanhanalarynda ten satýanlara garşy reýdler geçirildi. Şeýle-de, bu ýerde dynç alýan raýatlar myhmanhanalardan çykarydy.

Awazadaky bu taýýarlyklar we edilen çykdajylar barada döwlet mediasynda habar berilmedi.

Hazar deňziniň kenarynda ýerleşýän milli syýahat zolagy Awazada döwlet tarapyndan guralýan halkara duşuşyklar ýygy-ýygydan geçirilýär. Şeýle-de, bu ýerde ýurt ýolbaşçylary we hökümet agzalary dynç alýar. Bu ýagdaýlaryň ikisi-de ýerli ilatyň durmuşyna erbet täsir ýetirýär. Türkmenbaşy şäheriniň ýaşaýjylarynyň hereket azatlygy we durmuş zerurlyklary berk çäklendirilýär, Awazada dynç alýan myhmanlar zolagy terk etmeli bolýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG